Pekinde, Hytaý-Afrika hyzmatdaşlyk forumy geçirilýär

Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde Afrikanyň 50 ýurdynyň wekilleriniň gatnaşmagynda 2018 Hytaý-Afrika hyzmatdaşlyk forumy geçirilýär

1042158
Pekinde, Hytaý-Afrika hyzmatdaşlyk forumy geçirilýär

Milli Kongres merkezinde başlan we 2 gün dowam etjek maslahat, 1,2 milliard ilatly Afrika materigi bilen 1,3 milliard ilata eýe bolan Hytaýyň liderlerini bir ýere jemledi.

Maslahata BMG we Afrika Bileleşigi ýaly halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri hem gatnaşýar.

Maslahatda taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň janlandyrylmagyny maksat edinýän Bir nesil bir ýol taslamasynyň ara alyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Hytaýyň hökümetiniň möhüm bir diplomatik göçüm hökmünde häsýetlendiren maslahatda Hytaý bilen Afrikanyň arasynda giňişleýin strategik hyzmatdaşlygyň özgerdilmegi maksat edinilýär.

Hytaý, Afrikada energetikadan, infrastruktura, transportdan bilime çenli ençeme pudaga gyzyklanma bildirýär.

Soňky 9 ýylda Afrikanyň iň uly söwda hyzmatdaşy bolan Hytaý bilen Afrika ýurtlarynyň arasyndaky söwda kuwwady geçen ýyl 170 milliard dollara barabar bolupdy.


Etiketkalar: #Hytaý , #Pekin , #maslahat

Degişli Habarlar