Tramp ABŞ-ny Bütindünýä söwda guramasynyň düzüminden çykarjakdygyny beýan etdi

Tramp Bütindünýä söwda guramasynda ABŞ-na has gowy çemeleşilmelidigini öňe sürdi

1040941
Tramp ABŞ-ny Bütindünýä söwda guramasynyň düzüminden çykarjakdygyny beýan etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ABŞ-ny Bütindünýä söwda guramasynyň düzüminden çykarjakdygyny beýan etdi.

Tramp Bütindünýä söwda guramasynda ABŞ-na has gowy çemeleşilmelidigini öňe sürdi.

“Blumberg Nýusyň” beren habarynda Trampyň “Ýola gelmeseler Bütindünýä söwda guramasyndan çekilerin” diýen sözleri berildi.

Tramp iýul aýynda beren beýanatynda ABŞ-nyň Bütindünýä söwda gyramasy tarapyndan uzak ýyllaryň dowamynda “iňňän agyr” çemeleşmä sezewar edilip, bähbitsiz şertlere mejbur edilendigini öňe sürüpdi.

Hünärmenler halkara erkin söwda ulgamyny döretmäge öňbaşçylyk eden ABŞ Bütindünýä söwda guramasyndan çekilen halatynda ABŞ-nyň başda durmagynda global ykdysadyýete we bütindünýä söwda gatnaşylaryna ýaramaz täsir ýetirjekdigini beýan edýärler.



Degişli Habarlar