Katar bilen Kuweýt harby gatnaşyklaryny ösdürer

Katar geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky harby gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi üçin Kuweýtde harby attaşelik açypdy

1039251
Katar bilen Kuweýt harby gatnaşyklaryny ösdürer

Kataryň Howa güýçleriniň serkerdesi Hamad Mubarek, Kuweýdiň Howa güýçleriniň serkerdesi Adil Ali Al Hafyz bilen duşuşdy.

Kataryň resmi QNA habarlar gullugynda berlen habara görä, Muhammed bilen Hafyz Kataryň paýtagty Dohada duşuşdy.

Iki kärdeş duşuşykda iki ýurduň arasynda harby we goranyş senagatynda edilýän hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi barada pikir alyşdy.

Katar geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky harby gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi üçin Kuweýtde harby attaşelik açypdy.

 

 

 



Degişli Habarlar