Eýranyň Kermanşah welaýatynda ýer titreme boldy

Tebigy apatda ilkinji kesgitlemelere görä 2 adam ýogaldy

1037716
Eýranyň Kermanşah welaýatynda ýer titreme boldy

Eýranyň Kermanşah welaýatynyň Tazeabad etrabynda bolan 5,9 bal ululygyndaky ýer titremede ilkinji kesgitlemelere görä 2 adam ýogaldy, 241 adam ýaralandy.

Tähran uniwersitetiniň Seýsmologiýa merkezinden berilen beýanatda 5,9 bal ululygyndaky ýer titremäniň ýeriň 8 km aşagynda emele gelendigi mälim edildi.

Eýranyň döwlet telewideniýesinde berilýän habarlarda ýurdyň Wise-prezidenti Ishak Jihangiriniň hadysa bilen bagly resmilerden maglumat alandygy we halkyň zerurlyklarynyň üpjün edilmegi üçin Gyssagly ýagdaýlar edarasyna taglymat berendigi habar berildi.

Şol çäkde 41 gözleg-halas ediş toparynyň sebitde iş alyp barmaga başlandygy bellendi.

Habarda ýer titremäniň Günbatar Azerbaýjan we Kürdistan welaýatlarynda hem duýulandygy, raýatlaryň gijäni daşarda geçirendigi nygtaldy.

Ýer titreme Yragyň paýtagty Bagdatda we Yragyň Kürt Awtonomiýasynda hem duýuldy.

Yrak-Eýran serhedinde 2017-nji ýylyň 12-nji noýabrynda bolan 7,3 bal ululygyndaky ýer titremede Eýranyň Kermanşah welaýatynda 620 adam ýogalypdy, ’üňlerçe adam ýaralanypdy.



Degişli Habarlar