Siriýa krizisi Ženedwada ara alynyp maslahatlaşylar

Siriýa krizisine çözgüt tapmak maksady bilen Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde maslahat geçiriler

1037262
Siriýa krizisi Ženedwada ara alynyp maslahatlaşylar

BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Steffan De Misturanyň Türkiýäni, Russiýany we Eýrany 11-12-nji sentýabr aralygynda Ženewa çagyrandygy mälim edildi. 

Maslahatda Siriýada konstitutsion komissiýanyň döredilmegi gün tertibiniň ileri tutulýan ugry olar. 

Komissiýanyň işleýşi we kimlerden ybarat boljakdygy kesgitlenmäge synanyşylar. 

De Mistura iýul aýynda Russiýanyň Soçi şäherinde geçirilen Siriýa gepleşiklerinde 3 garant ýurdyň wekilleri bilen duşuşypdy. 

 



Degişli Habarlar