Gurban baýramy dünýäniň çar tarapynda bellenilip geçilýär

Dünýäniň dört künjegindäki musulmanlar baýram namazyny okamak üçin metjitlere üýşdüler

1035981
Gurban baýramy dünýäniň çar tarapynda bellenilip geçilýär

Awstraliýada türk jemgyýetlerine degişli 27 metjit baýram namazyny okamak üçin gelen musulmanlara öz gapylaryny açdylar. 

Aziýa ýirtlaryndan Filippinleriň Mindanao adasyndaky Bangsamoroda halk baýram namazyny okamak üçin metjitlere üýşdüler. 

Marawide ýaşaýan musulmanlar baýram namazyny okamak üçin Mindanao welaýat uniwersitetiniň stadionyny doldurdy. 

Gyrgyzystanda Gurban baýram namazy okaldy. 

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde musulmanlar Gurban baýram namazyny Premýer ministrlik binasynyň öňündäki meýdançada okadylar. 

Ymamlaryň wagyzlary bilen başlan baýram namazyna Mejlisiň başlygy Dastanbek Jumabekow, Prezident Diwanynyň Dolandyryş bölüminiň başlygy Dosaly Esanaliýew, Bişkekiň şäher häkimi Aziz Surakmatow bilen deputatlar gatnaşdylar. 

Gruziýanyň paýtagty Tbiliside Jumga metjidine Gurban baýram namazyny okamaga gelen adamlar metjide sygmanlygy sebäpli, namazlaryny metjidiň daşynda okadylar. 

Şwesiýanyň paýtagt Stokgolmde musulmanlar Gurban baýram namazyny okadylar. Stokgolmde Din işler guramasyna degişli Fittja Uly metjidinde 2 müňe golaý musulmanyň gatnaşmagynda baýram namazy okaldy. 

Balkan ýurtlary bolan Bosniýa-Gersegowina, Çernogoriýa, Serbiýa, Horwatiýa, Makedoniýa, Kosowa we Albaniýada Gurban baýramy giňden bellenilip geçilýär. 

Balkan ýurtlarynda ýaşaýan müňlerçe musulman şu gün irden baýram namazyny okamak üçin metjitlere üýşdüler. 

Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batorda ýaşaýan musulmanlar baýram namazyny Din işler guramasynyň metjidinde okadylar. 

 



Degişli Habarlar