“Eýranyň halky walýuta meselesini çözen Türkiýeden görelde almaly”

Abbasi Türkiýede soňky hepdelerde walýuta kurslarynda görülen ýokarlama barada durup geçdi

“Eýranyň halky walýuta meselesini çözen Türkiýeden görelde almaly”

Eýranyň Mejlisiniň başlykly diwanynyn agzasy Asadulla Abbasi “Eýranyň Mejlisi” habarlar gullugy “İKANA” beren beýanatynda, döwlet bilen halkyň jebisleşmegi we sebitde ýerleşýän ýurtlaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy netijesinde ykdysady meseleleriň çözülip bilinjekdigini aýtdy.

Türkiýede soňky hepdelerde walýuta kurslarynda görülen ýokarlama barada durup geçen Abbasi, ABŞ-nyň ýurduň ykdysadyýetine garşy hüjümlerine Türkiýäniň halkynyň we döwletiniň ýek ýumruga öwrülendigine ünsi çekdi.

Abbasi; “Türkiýäniň hökümeti walýutadaky ýokarlamanyň yz ýanyndan halky bilen jebisleşdi. Prezident Erdogan halky döwlete goldaw üçin gönükdirdi we üstünlik gazandy. Türkiýe halky bilen jebisleşip walýuta meselesini çözdi” diýdi.

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň hem ykdysady meselelere garşy halky bilen jebisleşmelidigini aýdan Abbasi, hökümetiň häzirki wagta çenli halkyň ýerine Ýewropa ýurtlaryny halasgär hökmünde saýlap alandygyny aýtdy.

 


Etiketkalar: Eýran , Hasan Ruhani , mejlis

Degişli Habarlar