ABŞ Britaniýa hemle atýar

ABŞ-nyň ilçisi: “Britaniýa Eýrana garşy sanksiýada bizi goldamaly” diýdi

1032198
ABŞ Britaniýa hemle atýar

ABŞ Eýrana goýlan sanksiýalar boýunça nobatdaky hemlesini Britaniýa atdy.

ABŞ-nyň Britaniýadaky ilçisi Wudi Jonson Britaniýada çap edilýän “Ze Telegraf” gazetine makala ýazdy.

Jonson makalasynda: “Eýran bilen söwda gatnaşyklaryny global bähbitden ilerde tutýanlar Amerika bilen söwda gatnaşygynda uly kynçylyk çeker. Britaniýadan diplomatik güýjüni we pozisiýasyny ulanmagyny, Eýran bilen tazeje, hakykata laýyk, giň gerimli ylalaşygyň gazanylmagy üçin global tagallalaryň başyny çekmegine garaşýarys” diýip ýazdy.

Ilçi Jonson sanksiýalary goldaman halatynda iňlis firmalaryna agyr netijeleriň garaşýandygyny duýdurdy.

Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa geçen hepde bilelikde jarnama çap edip, ýadro ylalaşygynyň dowam edýändigini nygtap, resmi Waşngtonyň Eýrana garşy garşy ýaňadandan sanksiýa başlatmagyny tankyt edipdi.



Degişli Habarlar