Pakistanda kömür käninde bolan partlamada ilkinji kesgitlemelere görä, 4 işçi ýogaldy

Pakistanyň günbatarynda ýerleşýän Kuetta şäheriniň golaýynda kömür käninde bolan partlamada ilkinji kesgitlemelere görä, 4 işçi ýogaldy

1031110
Pakistanda kömür käninde bolan partlamada ilkinji kesgitlemelere görä, 4 işçi ýogaldy

Belujistan welaýatynyň paýtagty Kuettanyň golaýynda Sandži etrapçasyndaky kömür käninde düýn agşamara partlama boldy.

Partlamadan soň 4 işçiniň jesedi tapyldy.

Harabalygyň aşagynda galan 13 işçiniň halas edilmegi işleri dowam edýär.

Pakistanyň Magdan işçileri federassiýasyndan berlen beýanata görä, Pakistanda her ýyl magdan heläkçiliklerinde ortaça 100-200 adam ýogalýar.

Kuettanyň golaýynda Sandži etrapçasynda soňky gezek maý aýynda bolan magdan heläkçiliginde 23 işçi ýogalydy.

 



Degişli Habarlar