Siriýada çaknyşyksyz zolakda guralan howa hüjüminde azyndan 20 adam ýogaldy

Etrapçada hüjümleriň dowam edýändigi sebäpli ýogalanlaryň we ýaralananlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär

1030362
Siriýada çaknyşyksyz zolakda guralan howa hüjüminde azyndan 20 adam ýogaldy

Siriýada harby uçarlaryň Idlib welaýatynda çaknyşyksyz zolakda ýerleşýän Urum Al Kübra etrapçasynda guran howa hüjüminde azyndan 20 adam ýogaldy.

Asada tabynlykdaky güýçler bilen tarapdarlarynyň guran howa we gury ýer hüjümlerinde asuda ilatdan 20 adam ýogaldy.

Hüjümlerde ýaralananlar golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alyndy.

Etrapçada hüjümleriň dowam edýändigi sebäpli ýogalanlaryň we ýaralananlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.

Başar Asad 26-njy iýulda Rus TASS habarlar gullugyna beren beýanatynda, nyşanalarynyň İdlibdigini habar beripdi.

Asad Idlibde ýaşaýan 4 milliona golaý adamy terrorçy hökmünde görýändiklerini aýdypdy we hemle atypdy.

Siriýanyň demirgazyk günbatarynda harby oppozisionerler bilen Asada garşy ýaragly toparlaryň gözegçiligi astyndaky Idlib welaýaty 2017-nji ýylyň maý aýynyň 4-5-i aralygynda geçirlen Astana maslahatynda “çaknyşysyz zolak”hökmünde yglan edilipdi emma Asada tabynlykdaky güýçler bilen wagtal-wagtal hem Russiýa welaýatda howa hüjümlerini guraýar.

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar