Eýran Owganystan bilen suw meselesinde täze şertnama baglaşar

“Eýran bilen Owganystanyň arasynda suw we Hirmend derýasy boýunça düşnülmezlikleriň çözülmegi üçin täze strategik şertnama baglaşylar”

1030085
Eýran Owganystan bilen suw meselesinde täze şertnama baglaşar

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Bahram Kasymi ýurdy bilen Owganystanyň arasyndaky suw meselesiniň çözülmegi üçin täze ylalaşyga gol çelişiljekdigini aýtdy

Eýranyň “PANA” habarlar gullugyna beýanat beren Kasymi, Owganystan bilen gazanylan ylalaşyga laýyklykda iki ýurduň arasyndaky meseleleriň çözülmegi üçin ýörite toparlaryň döredilendigini habar berdi.

Döredilen toparlardan biriniň “suw toparydygyny” nygtan Kasymi, şol toparyň gysga möhletde Eýran bilen Owganystanyň arasyndaky suw meselesini çözmek ugrunda işlejekdigini aýtdy.

Kasymi; “Eýran bilen Owganystanyň arasynda suw we Hirmend derýasy boýunça düşnülmezlikleriň çözülmegi üçin täze strategik şertnama baglaşylar” diýdi.

Hirmend derýasynyň 1857-nji ýylda Hyradyň Eýrandan bölünip Owganystana degişli bolmagy we Owganystanyň şol derýanyň Eýrandan akmagynyň öňüni almagy iki ýurduň arasynda dartgynlyga sebäp bolupdy.

Hirmend derýasynyň suwunyň paýlaşylmagy iki ýurduň arasynda esasy syýasy we daşky gurşaw meselelerinden birine öwrülipdi.



Degişli Habarlar