ABŞ-de 11 çaganyň halas edilen öýden başga bir çaga degişli süňkler tapyldy

Amerikanyň Nýu-Meksiko ştatynda çölüň ortasynda örän erbet şertlerde saklanan 11 çaganyň halas edilen öýden başga bir çaga degişli süňkler tapyldy

1028226
ABŞ-de 11 çaganyň halas edilen öýden başga bir çaga degişli süňkler tapyldy

Polisiýa gullugynyň resmisi Jerri Hogrefe Amerikanyň Nýu-Meksiko ştatynyň Amalia diýilen ýerinde ýerleşýän öýde geçirilen derňew işleriniň netijesinde başga bir çaga degişlidigi anyklanan süňkleriň tapylandygyny we resmileriň çaganyň şahsyýetini anyklamak üçin işe girişendigini habar berdi.

Süňkleriň öýde geçirilen operasiýada göz tussaglygyna alynan Siraj Ibn Wahhaj atly adamyň, geçen ýylyň noýabr aýynda dereksiz ýiten Abdul Ghani Wahhaj atly 4 ýaşyndaky çagasyna degişli bolup biljekdigi mälim edildi.

Amerikanyň Nýu-Meksiko ştatyndaky çölüň ortasynda ýerleşýän öýe geçen hepdäniň anna güni geçirilen operasiýada aç we suwsyz saklanandygy anyklanan ýaşlary 1 bilen 15 ýaş aralygynda üýtgeýän 11 çaga halas edilipdi, 3-si zenan jemi 5 adam göz tussaglygyna alynypdy.

Çagalaryň aýakgaplarynyň bolmandygyny, eginlerinde dogry-düzüw eşikleriniň bolmandygyny aýdan Hogrefe öýde bolsa suwyň we elektrik toklaryň ýokdugyny beýan etdi.


Etiketkalar: #Nýu-Meksiko , #çaga , #süňk

Degişli Habarlar