Ýaponiýada ýer titremesi boldy

Ýaponiýanyň gündogarynda 5,5 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Ýaponiýada ýer titremesi boldy

ABŞ-niň Geologiýa ylmy-derňew merkezi güýç merkezi Ofunato şäheriniň 243 km gündogarynda bolan ýer titremäniň ýeriň 10 km aşagynda emele gelendigini habar berdi.

Ilkinji kesgitlemelere görä ýer titremesinde ýogalan ýa-da ýaralanan adam ýok, ýer titremesinden soň sunaminiň boljakdygy barada duýduryş berilmedi.

Ofunato şäherinde 2011-nji ýylda bolan 9 bal ululygyndaky ýer titremede we ondan soň bolan sunamide 18 müňden gowrak adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar