Owganystanyň demirgazygynda partlama boldy

Owganystanyň demirgazygyndaky Balh welaýatynyň Şolgere etrabynda bolan partlamada 6 adam ýogaldy

1028263
Owganystanyň demirgazygynda partlama boldy

Şolgere etrabynyň Içeri işler müdüri Saýed Nader etrabyň Koç Kyzyl obasynda ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bombanyň asuda ilaty daşaýan ulagyň geçýän mahalynda partladylandygyny habar berdi.

Hüjümde asuda ilatdan 6 adamyň ýogalandygyny aýdan Nader, 7 adamyň bolsa ýaralanandygyny beýan etdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan tarap ýok.



Degişli Habarlar