Heder Noýert türk we Amerikaly ministrleriň telefon söhbetdeşliginiň möhümdigini aýtdy

Heder Noýert türk we amerikan wekiliýetleriniň arasynda Waşingtonda geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşyk barada maglumat bermekden çetde durdy

1028147
Heder Noýert türk we Amerikaly ministrleriň telefon söhbetdeşliginiň möhümdigini aýtdy

ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Heder Noýertiň Daiary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň amerikaly kardeşi Maýk Pompeo bilen geçiren telefon söhbetdeşliginiň möhüm başlangyçdygyny beýan etdi.

Noýert İzmirde Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy we ekstremist terror guramasy PKK-nyň adyndan jenaýat edendigi, içalylyk edendigi günäkärlemesi bilen öý tussaglygynda saklanýan amerikaly ruhany Andrew Brunson barada beýanat berdi.

Daşary işler ministri Çawuşogly bilen amerikaly kardeşi Pompeonyň arasynda geçirilen söhbetdeşlige ünsi çeken Noýert; “Telefon söhbetdeşligini geçirmek möhüm. Söhbetdeşlikden zyýan gelmez, şol sebäpli dialogyň ähmiýetine ünsi çekýäris” diýdi.

Heder Noýert türk we amerikan wekiliýetleriniň arasynda Waşingtonda geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşyk barada maglumat bermekden çetde durdy.

2016-njy ýylyň 9-njy dekabrynda terrur guramalary FETÖ we PKK üçin jenaýat edendigi sebäpli tussag edilen amerikaly ruhany Brunson baradaky aýyplawnamada, ruhany ady bilen adybir terror guramalarynyň adyndan jenaýat edendigi we umumy strategiýalarynyň çäginde arkalaşyk edendigi, guramanyň maksatlaryny bilip we öz işleğine laýyklykda hyzmatdaşlyk edendigi beýan edilipdi.

Brunsonyň amerikaly esgerlerden birine ugradan FETÖ-niň 2016-njy ýylyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynyň başa barmandygyna gynanýandygy baradaky habarnamasynyň mazmunyna orun berilen aýyplawnamada ykjam telefondaki “Türkleri sarsdyrjak käbir wakalaryň bolmagyna garaşýardyk. İsa dolanyp barmak üçin degişli şertler döredi. Agdarlyşyk synanşygy şok boldy. Köp sanly türk geçmişde bolşy ýaly goşuna ynandy, emma bu gezek giç galyndy. Agdarlyşyk synanşygyndan soň başga sarsgyn. Meniň pikirimçe şertler hasam agyrlaşar. Soňunda biz üstün çykarys” diýlen habarnamasy delo goşulypdy.

Amerikaly ruhany Brunsonyň FETÖ-niň we PKK-nyň adyndan jenaýat edendigi sebäpli 2016-njy ýylyň 9-njy dekabrynda tussag edilmegi, geçen aý saglyk ýagdaýy sebäpli öý tussaglygyna alynmagy ABŞ-da reaksiýa döredipdi.

FETÖ-niň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygynyň ýolbaşçysyny uzak ýyllardan bäri ýurdunda ýaşadýan ABŞ-nyň, aýyplawnamasynda; “ruhany ýaly görünip, adybir terror guramalarynyň adyndan jenaýat edendigi we umumy strategiýalaryna laýyklykda hyzmatdaşlyk edendigi, guramlaryň maksatlaryny bilip we isläp olara goldaw berendigi” nygtalýan Brunsonyň boşadylmagyny islemegi Türkiýe tarapyndan kabul edilmeýär.



Degişli Habarlar