Eýranda daşary ýurt walýutasy bilen bagly göz tussaglyklar dowam edýär

Eýranda walýuta bazarynda gaplyk we manipulýasiýa etmek bilen aýyplanýan ýene-de 45 adam tussag edildi

1026931
Eýranda daşary ýurt walýutasy bilen bagly göz tussaglyklar dowam edýär

Gulam Hüseýin Muhsini Ežei mesele bilen bagly geçirilen derňew işiniň çäginde göz tussaglygyna alynan adamlaryň käbirleriniň, girewine azat edilendigini habar berdi. 

Ežei: "Birnäçe delonyň çäginde häzirki wagta çenli 45 adam tussag edildi" diýdi. 

Ežei şol adamlaryň käbirleriniň iň gysga wagtda kazyýetiň öňüne çykyp biljekdigi barada maglumat berdi. 

Eýranyň Merkezi bankynyň Walýuta geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmed Yrakçi düýn gaplyk etmek bilen aýyplanyp, tussag edilipdi. 

 


Etiketkalar: #Eýran , #tussag , #Merkezi bank

Degişli Habarlar