Donald Tramp, Kim Çen Yna minnetdarlyk bildirdi

ABŞ-niň Prezidenti Dobnald Tramp Amerikan esgerlerine degişli süňkleriň ýurduna iberilmegindäki tagallasy sebäpli Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yna sag bolsun aýtdy

1024594
Donald Tramp, Kim Çen Yna minnetdarlyk bildirdi

1950-1953-nji ýyllar aralygynda başdan geçirilen Koreýa söweşinde ýogalan amerikan esgerlerine degişli süňkleriň ABŞ-e baryp ýetendigi habar berildi. Donald Tramp bolsa Twitter hasabyndan süňkleriň gaýtarylyp berilmegine hoşallyk bildirdi.

Tramp, Kim bilen bagly ýazan hatynda: “Sözünde durandygy we ol ýerde ýogalan esgerlerimiziň süňkleriniň iberilmegi bilen bagly etaby başladandygy sebäpli minnetdarlyk bildirýärin. Bular ýaly gowy hereketi ýerine ýetirmegine geň galmadym. Mundan başgada hatyň üçin minnetdarlyk bildirýärin, seniň bilen duşuşmaga sabyrsazlanýaryn” diýip belledi.  

Koreýa söweşiniň bes edilmegi bilen bagly şertnamanyň çekilen günüň 65-nji ýylynda ýogalan amerikaly esgerleriň süňkleri 27-nji iýulda Demirgazyk Koreýanyň Wonsan şäherindäki Kalma howa menzlinden Amerikan ýük uçary bilen Günorta Koreýadaky ABŞ-e degişli Osan howa bazasyna ugradylypdy.



Degişli Habarlar