Zenanlar Nýu-Ýorkda Trampy we orunbasary Pensi protest etdiler

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde jemlenşen zenanlar Prezident Donald Trampyň we orunbasary Maýk Pensiiň zenanlar hem-de bosgunlar baradaky syýasatlaryny protest etdi

1023944
Zenanlar Nýu-Ýorkda Trampy we orunbasary Pensi protest etdiler

Gyzyl ýapynjaly we ýüzlerini ýapýan ak kapotly 25 zenan başlary öňe egilen we dymma görnüşde PEnsiň we ABŞ-nyň İçerki howpsyzlyk miinistri Kristiýan Nielseniň kiber howpsyzlyk boýunça gatnaşýan maslahatynyň geçirilen binasyna tarap ýörediler.

Demonstrant zenanlar azatlyklarynyň çäklendirilmegine ünsi çekmek üçin Margaret Atwudyň 1985-nji ýylda çap edilen “Gullukçy gyzyň kyssasy” atly distopik romanyna laýyklykda surata alynan teleserialdaky gyz ýaly geýindiler.

Romandaki zenanlar ikinji derejeli raýat hökmünde kabul edilýär.

Protestçilerden Marion Marino: “Bu hökümetiň uzak ýyllar ozal gazanan ähli azatlyklarymyzy çäklendirendigini duýýaryn. Tramp iş başyna gelmezden ozal eý ebolan azatlyklarymyzyň dowam etjekdigine doly göz ýetirýänçäm ähli zady ederin” diýdi.

Demonstrantlar Trampyň bosgunlar baradaky syýasatyny hem protest edýär.

Demonstrant Zenanlardan biri elinde “Ogurlarn çagalaryňy yzyna ber” ýazylgy şygar göterýär.



Degişli Habarlar