Russiýa Ermenistanda başdan geçirilýän wakalara alada bildirýär

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Ermenistanyň ozalky Prezidenti Robert Koçarýanyň tussag edilmegi sebäpli başdan geçirilýän wakalara alada bildirýändgini nygtady

1023910
Russiýa Ermenistanda başdan geçirilýän wakalara alada bildirýär

Lawrow paýtagt Moskwada beren beýanatynda, Ermenistanda 2008-nji ýylyň 1-nji martynda başdan geçirlen wakalar sebäpli kanuny ulgamy bozmakda aýyplanylýan ozalky Prezident Robert Koçarýanyň tussag edilmegi barada garaýyş beýan etdi.

Ermenistanda maý aýynda başdan geçirlen syýasy krizisiň taraplaryň arasynda ylalaşykly ýagdaýda çözülmeginden hoşaldyklaryny aýdan Lawrow, “Russiýa hökmünde taraplaryň arasynda ylalaşyga gelinmeginden soň täze hökümetiň ylalaşykly tutumyny dowam etdirmegine garaşýardyk” diýdi.

Russiýanyň hyzmatdaş hökmünde Ermenistanyň durnuklylygyna ähmiýet berýändigini aýdan Lawrow, “Emma başdan geçirlen soňky wakalara alada bildirýäris. Ermenistanda täze hökümetiň aýdýanlary bilen edýän işleri biri-birine bap gelmeýär” diýdi

Ýerewanyň kazyýeti geçen hepde Ermenistanda 2008-nji ýylyň 1-nji martynda 10 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan protest ýörişlerinde başdan geçirlen wakalar sebäpli Koçarýanyň tussag edilmegi barada karar kabul edipdi.

Koçarýan bolsa aýyplamalary kabul etmeýär.  



Degişli Habarlar