Ýaponiýadaky tebigy apatlarda ýogalanlaryň sany 300 adamdan geçdi

Dereksiz ýiten 9 adamdan bolsa hiç hili habar ýok

Ýaponiýadaky tebigy apatlarda ýogalanlaryň sany 300 adamdan geçdi

Resmi ýolbaşçylar üstümizdäki aýyň birinji ýarymynda Ýaponiýanyň günbataryny täsiri astyna alan ýagyşlar bilen sil we ýer süýşgünleri sebäpli 222 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Dereksiz ýiten 9 adamdan bolsa hiç hili habar ýok.

Ýolbaşçylar aşa yssy howa sebäpli iýul aýynda 100-e golaý adamyň ýogalandygyny mälim etdi.

Beýleki tarapdan Kýoda habarlar gullugynyň habarynda aprel aýynyň 30-y bilen iýul aýynyň 29-y aralygynda aşa yssy howa sebäpli 125 adamyň ýogalandygy, 57500 adamyň hem gün geçendigi sebäpli hassahanada bejergi astyna alynandygy ýatladyldy.

 


Etiketkalar: Ýaponiýa , Kýodo

Degişli Habarlar