Belgiýada bir adam üstündäki bombany partladyp, öz janyna kast etdi

Belgiýanyň Liege şäheriniň Werwiers diýilen ýerinde bir adam üstündäki bombany futbol meýdançasynda partlatdy

1023309
Belgiýada bir adam üstündäki bombany partladyp, öz janyna kast etdi

Werwiers etrabynyň häkiminiň wekili Hasan Aýdyn metbugata beren beýanatynda öz janyna kast eden adamyň şahsyýetiniň entek anyklanmandygyny, emma etrapda ýaşaýan ozalky bir esgerdigini pikir edýändiklerini habar berdi. 

Hasan Aýdyn wakanyň bolan ýerine polisiýa işgärleriniň gönükdirilendigini we ol ýerde başgda partlaýjynyň bolup-bolmandygyny derňeýändiklerini mälim etdi. 

Wakany terrorçylykly hüjüm hökmünde häsýetlendirmeýändiklerini aýdan Aýdyn hadysany öz janyna kast etmek wakasy hökmünde garaýandyklaryny, ýogsam adamyň üstündäki bombany partlatmak üçin üýşmeleň bir ýeri saýlamalydygyny pikir edýändiklerini beýan etdi. 

Wakada öz janyna kast eden adamdan başga hiç kimiň ýogalmandygy we ýaralanmandygy bellendi. 

 



Degişli Habarlar