Lawrow ABŞ-niň Russiýadan ýarag almak isleýän ýurtlara garşy pozisiýasyny tankyt etdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-niň Russiýadan ýarag satyn almak isleýän ýurtlara garşy pozisiýasyny tankyt etdi

1022550
Lawrow ABŞ-niň Russiýadan ýarag almak isleýän ýurtlara garşy pozisiýasyny tankyt etdi

Sergeý Lawrow Wladimir oblastynda geçirilen çärede beren beýanatynda ABŞ-niň we käbir Günbatar ýurtlaryň Russiýa garşy harby meýilanamalaryndan habardardyklaryny mälim etdi.

Russiýanyň özygtyýarlylygynyň dolulygyna goralýandygyny we goralmaga dowam ediljekdigini aýdan Lawrow: “ABŞ-niň Russiýadan ýarag almak isleýän ýurtlara garşy basyşy näbelliligi we çaknyşyk howpuny özünde jemleýär” diýdi.

ABŞ-niň Türkiýe, Hindistan we Indoneziýa ýaly ýurtlara bu babatda açyk ýagdaýda basyş edýändigini öňe süren Lawrow: “Russiaýdan ýarag almak isleýän ýurtlar, kimler bilen söwda etjekdiklerine karar bermek hukuklarynyň howp we ultimatom temasy bolmagyny islemeýärler. ABŞ bolsa açyk ýagdaýda ylalaşyklardan ýüz öwürmekleri üçin basyş edýär. Köptaraply, has demokratik we adalatly bir dünýä geçýän mahalymyz, täsiri azalan taraplaryň garşylyk görkezmegi gutulgysyz. Bu etapda BMG-niň täsiri has hem artar” diýdi.



Degişli Habarlar