Eýranly deputat hökümetini tankyt etdi

Eýranyň Mejlisiniň Ize welaýatynyň deputaty Hidaýetullah Hadimi ýurdunyň eýýäm 40 ýyl bäri 200 maşgala tarapyndan dolandyrylýandygyny belledi

1021986
Eýranly deputat hökümetini tankyt etdi

Mejlisde deputatlara ýüzlenen Hadimi ýurtda işsizlik, galplyk we gurakçylyk ýaly meseleleriň has hem çuňlaşýandygyny habar berdi.  

Hidaýetullah Hadimi: “Başarnyksyzlyk, hökümetleriň netijesizligi we gowşaklygy halkyň meseleleriniň çuňlaşmagyna sebäp boldy. Emma bu ýagdaýy düzeltmek üçin tutanýerliligem, güýjem ýok” diýdi.

Eýrandaky meseleleriň ýurdyň dolanşygyndaky emelsiz ýolbaşçylardan gözbaş alýandygyny öňe süren Hadimi: “Eýýäm 40 ýyl bäri Eýran 200 maşgalanyň zamunynda ýaly. Bu maşgalalar bu ministrlikden beýleki ministrlige geçýärler” diýip belledi.

ISNA-nyň berýän beýanatyna görä konserwatorlara ýakynlygy bilen tanalýan Hadimi ykdysady meseleleriň ýüze çykmagyna sebäp bolan ýolbaşçylaryň wezipelerinden çetleşdirilmelidigini we galplyk edenleriň iň gysga wagtda jezalandyrylmalydygyny nygtady.



Degişli Habarlar