“Palestinaly batyr gyz” Ahed et-Temimi azat edildi

Ysraýylda takmynan 8 aý tussaghanada bolan Hanzala batyrgaýlyk sylagynyň eýesi “Palestinaly batyr gyz” Ahed et-Temimi bilen ejesi azat edildi

1021708
“Palestinaly batyr gyz” Ahed et-Temimi azat edildi

Günbatar Şerianyň Rammalah şäheriniň Nebi Salih etrapçasynda maşgalasy bilen ýaşaýan öýünde ysraýylly esgerler tarapyndan göz tussaglygyna alynjak mahaly, öýüniň howlusyna zor bilen giren esgerlere şarpyk çalan wideosy çap edilen 17 ýaşyndaky Ahed 2017-nji ýylyň 19-njy dekabrynda tussag edilipdi.

Ysraýylyň kazyýeti mart aýynda Temimä “Ysraýylly esgerleriň wezipesini berjaý etmegine päsgel bermek we esgere hüjüm guramak” aýyplamalary bilen 8 aý azatlykdan mahrum edipdi.

Temiminiň aklawjysy jeza möhlediniň 19-njy awgustda dolmalydygyny, emma administratiw bir karar bilen möhletinden ir azat edilendigini habar berdi.

Uly şowhun bilen Günbatar Şeriadaky öýüne baran Temimini ýüzlerçe adam garşylady.

Nebi Salih obasy Palestinanyň baýdaklary bilen dolduryldy.

Kakasy, ejesi we gyz jigisi Temimini göz ýaşlary bilen gujakladylar.

Ýeke täk islegleriniň diňe azat ýagdaýda ýaşamakdygyny bellediler.

Temimi žurnalistlere beren ilkinji beýanatynda Palestinanyň halkynyň Ysraýylyň gabawy tamamlanýança çenli direnmegini dowam etdirjekdigini habar berdi.

Ysraýylyň basyp alyjylygynyň ýok boljakdygyna ynanýandygyny aýdan palestinaly batyr gyz: Tussag edilmeleriň tutanýerliliklerine böwet bolup bilmejekdigini nygtady.

Temimi tussaghanada galan möhletinde özüne we maşgalasyna goldaw beren ähli adamlara minnetdarlyk bildirdi.

Palestinaly batyr gyz diýip tanalýan Ahed 2012-nji ýylda dogany göz tussaglygyna alynan mahaly ysraýylly esgerlere garşy görkezen edermenligi sebäpli Stambulda Hanzala batyrgaýlyk sylagyna laýyk görülipdi.

Ahed ol wagt Premýer ministr wezipesinde işlän Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen hem duşuşypdy.



Degişli Habarlar