Indoneziýada ýer titremesi boldy

Indoneziýanyň Lombok adasynda bolan 6,4 bal ululygyndaky ýer titremede 10 adam ýogaldy

1021560
Indoneziýada ýer titremesi boldy

Güýç merkezi Lombok adasynyň Mataram şäheriniň 50 km demirgazygynda bolan ýer titremede şeýle hem 40 adam ýaralandy.

ABŞ-niň Geologiýa ylmy-derňew merkezi 6,4 bal ululygyndaky ýer titremäniň ýeriň 7,5 km aşagynda emele gelendigini habar berdi.

Indoneziýanyň syýahatçylyk zolagy bolan Bali adasynyň 40 km gündogarynda ýerleşýän adada ýer titreme sebäpli köp sanda öýe zeper ýetdi.

BBC-niň berýän habaryna görä 6,4 bal ululygyndaky ýer titremeden soň, iň ulusy 5,7 bal bolmak bilen 60-dan gowrak kiçiräk ýer yranmalar boldy.



Degişli Habarlar