Hindistanda bolan awtobus heläkçiliginde 33 adam ýogaldy

Hindistanda her ýyl ortaça 110 müň adam ýol heläkçiligi sebäpli ýogalýar

1021406
Hindistanda bolan awtobus heläkçiliginde 33 adam ýogaldy

Hindistanda ýolagçy awtobusynyň heläkçilige uçramagy netijesinde 33 adam ýogaldy.

Ýurduň günbatarynda ýerleşýän Maharashtra welaýatynda uniwersitetiň işgärlerini alyp barýan awtobus heläkçilige uçrady.

Heläkçilikde awtobusdaky 34 ýolagçydan 33-i ýogaldy.

Uniwersitetiň işgärleriniň dynç alyşa barýandyklary nygtaldy.

Hindistanda sürjüleriň ünsüzligi, ýollaryň erbetdigi we köne ulaglar sebäpli her ýyl ortaça 110 müň adam ýol heläkçiligi sebäpli ýogalýar.

 

 

 



Degişli Habarlar