Gresiýadaky ýangynda ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär

Afininiň golaýyndaky ýangynda ýogalanlaryň sany 87 adama ýetdi

1021336
Gresiýadaky ýangynda ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär

Gresiýanyň paýtagty Afininiň golaýyndaky ýangynda ýogalanlaryň sany 87 adama ýetdi.

Apat zolagynda ýangyn söndürijiler we esgerler ýanan öýlerde ýeke-ýekeden barlag işlerini geçirýär.

Gresiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine görä, ýangynda ýaralanan 187 adamdan 4-i çaga bolmak bilen 48 adamyň hassahanadaky bejergisi dowam edýär.

 Ýaralananlardan 11-niň ýagdaýynyň agyrdygy nygtaldy.

Hossarlary ýitenleriň sanynyň köplügi sebäpli ýangynda ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.

Dereksiz ýitenleriň sanynyň 100 adamdan geçendigi aýdylýar.

Beýleki tarapdan Gresiýanyň Premýer ministri Aleksis Çipras ýangyn sebäpli adatdan daşary ýagdaýda jemlenşen ministrler kabinetiniň mejlisiniň öňüsyrasynda eden çykyşynda hökümetiň agyr günleri başdan geçirýändigine ünsi çekdi.

Çipras “Grek halkynyň we ministrler kabinetiniň öňünde bu pajygaly wakanyň syýasy jogapkärçiligini öz üstüme alandygymy nygtamak isleýärin” diýdi.

Ýangyn söndürijileriň we howpsyzlyk güýçleriniň wezipesinden çekilmegi üçin berilýän çagyryşlara hem jogap beren Çipras “Şu günki günde wezipeden boşatmak syýasy batyrgaýlygyň däl eýsem syýasy gorkaklygyň görkejisidir” diýdi.

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar