Russiýa, NATO bilen harby hyzmatdaşlygyny artdyrmagy maksat edinýär

Şoýgu Gündogar Ýewropada NATO-nyň esgerleriniň 2 müňden 15 müňe ýetendigini habar berdi

1018996
Russiýa, NATO bilen harby hyzmatdaşlygyny artdyrmagy maksat edinýär

 

Russiýanyň Goranmak ministri sergeý Şoýgu ýurdyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň Finlýandiýada 16-njy iýulda geçiren duşuşygynyň, Russiýanyň NATO agza ýurtlar bilen harby hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrmagyny tizleşdirjekdigini belledi.

Sergeý Şoýgu Goranmak ministrliginde beren beýanatynda Putiniň we Trampyň Finlýandiýanyň paýtagty Helsinkide geçiren duşuşygynyň Russiýanyň NATO agza ýurtlar bilen harby hyzmatdaşlygyna täsir ýetirjekdigini belläp: “Helsinkide geçirilen Russiýa-ABŞ maslahatynyň Waşington we NATO agza ýurtlar bilen bolan harby hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrmagyny tizleşdirjekdigini pikir edýärin” diýdi.

NATO agza ýurtlaryň Gündogar Ýewropada harby howa türgenleşiklerini artdyrandygyna ünsleri çeken Şoýgu bu sebitde NATO-nyň esgerleriniň 2 müňden 15 müňe ýetendigini habar berdi.



Degişli Habarlar