Gresiýadaky ýangynlar dowam edýär

Ýangynda häzirki wagta çenli 81 adam ýogaldy

1019974
Gresiýadaky ýangynlar dowam edýär

Gresiýanyň paýtagty Afiny şäheriniň golaýynda dowam edýän ýangynda ýogalan adamlaryň sany 81-e, ýaralanan adamlaryň sany 187-ä ýetdi.

Aýry-aýry nokatlarda dowam edýän ýangyn Gresiýanyň taryhynyň iň uly tebigy heläkçilikleriniň biri boldy.

Afiny şäherine 40 km uzaklyda ýerleşýän Mati sebitindäki ýangyny söndürmek işleri dowam edýär. Sebitdäki 300 öý ulanyp bolmajak ýagdaýa geldi.

Toparlar gözleg we halas ediş işlerini dowam etdirýärler.

Resmiler onlarça adamyň dereksiz ýitmegi sebäpli, ýogalan adamlaryň sanynyň artmagyna alada bildirýär.

Ýurdyň ençeme ýerinden ýygnanan ynsaperwer kömekler bolsa Rafina şäherindäki sport zalynda adamlara paýlanýar.


Etiketkalar: #Gresiýa , #ýangyn

Degişli Habarlar