Russiýanyň Energetika ministri bilen Eýranyň Nebit ministri özara hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdy

Nowak bilen Zengenäniň energetika pudagyndaky soňky özgerlişikleri ara alyp maslahatlaşdy

1018182
Russiýanyň Energetika ministri bilen Eýranyň Nebit ministri özara hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdy

Russiýanyň Energetika ministri Aleksandr Nowak bilen Eýranyň Nebit ministri Bižen Namdar Zengene rus firmalarynyň Eýrandaky nebit we tebigy gaz taslamalarynda  ýer almagy barada pikir alyşdy.

Russiýanyň Energetika ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, Nowak bilen Zengenäniň energetika pudagyndaky soňky özgerlişikleri ara alyp maslahatlaşandygy nygtaldy.

Beýanatda Russiýanyň Energetika ministri Aleksandr Nowak bilen Eýranyň Nebit ministri Bižen Namdar Zengenäniň rus firmalarynyň Eýrandaky nebit we tebigy gaz taslamalarynda  ýer almagy barada pikir alyşandygy bellenildi.

Beýanatda iki kärdeşiň  şeýle hem iki ýurduň arasynda Nebit eksport edýän ýurtlaryň guramasy OPEC bilen Gaz eksport edýän ýurtlaryň guramasy GECF-niň çäginde  edilýän özara hyzmatdaşlyk barada giňişleýin pikir alyşandygy ýatladyldy.

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #Eýran , #Russiýa , #energetika

Degişli Habarlar