Kubanyň täze konstitutsiýasyndan “kommunizm” adalgasy çykarlar

Konstitutsiýanyň täze tekstinde prezidentiň ýaşy we iş möhledi çäklendirilýär

1017237
Kubanyň täze konstitutsiýasyndan “kommunizm” adalgasy çykarlar

Parlamentiň gün tertibine getirlen taslamanyň 1976-njy ýyldaky Sowet Soýuzy döwründen galan konstitutsiýanyň ýerini almagy maksat edinilýär.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, täze konstitutsiýada sosýalist ykdysady ulgamyň gowşadylmagy meýilleşdirilýär.

Täze konstitutsiýada prezident mundan beýläk döwlet geňeşine we ministrlik kabinetine ýolbaşçylyk edip bilmez.

Iň ýokary ýerine ýetiriş organy bolan döwlet geňeşiniň başlyklygyny parlamentiň başlygy öz üstüne alar.

Prezident 60 ýaşyna ýetmediklerden  saýlanar we 5 ýyl möhlet bilen diňe iki gezek bu wezipä saýlanyp biler.

Taslama parlamentde kabul edilenden soň ähli halk sese goýulşygyna hödürlener.

 



Degişli Habarlar