Gollandiýada ilkinji gezek metjitlerde we buthanalarda ýagyşyň ýagmagy üçin doga edildi

Gollandiýada we Belgiýada 1 aýdan bäri ýagyş ýagmaýandygy sebäpli guraklyk halky aladalandyrmaga başlady

1017882
Gollandiýada ilkinji gezek metjitlerde we buthanalarda ýagyşyň ýagmagy üçin doga edildi

Gollandiýada Marokkoly metjitler geňeşiniň metbugat geňeşçisi Saşd Bouharrou guraklyk sebäpli ýagyşyň ýagmagy üçin doga edilmelidigini aýtdy.

Gollandiýadaky metijtlerde  we buthanalarda hasylyň bereketli bolmagy we ýagyşyň ýagmagy üçin doga edildi.

Buthanalar platformasyndan Mink de Wries hem  daýhanlar üçin doga edendiklerini we guraklyga alada bildirýändiklerini aýtdy.

Tomus pasly ygally geçýän Belgiýada we Gollandiýada şu ýyl ekinler guramaga başlady.

Guraklyk sebäpli Belgiýada agyz suwy ýetmezçiliginiň başdan geçirilmegine alada bildirilýär.

Käbir şäherlerde we etraplarda suwyň azalmagy sebäpli bag-bakçalaryň we sport meýdançalarynyň suwlanmagyna diňe kesgitlenen sagatlarda rugsat berilýär.

Kesgitlenen sagatlardan daşary bag-bakçasyny suwlanlara 1600 ýewro çenli pul jezasy berilýär.



Degişli Habarlar