Eýranda ýer titremesi boldy

Eýranyň Hürmüzgan welaýatynyň Ruýder etrabynda 5,7 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Eýranda ýer titremesi boldy

Tähran uniwersitetiniň Seýsmologiýa merkezi güýç merkezi Ruýder etraby bolan ýer titremäniň ýerli wagt bilen sagat 09:37-de, ýeriň 8 km aşagynda emele gelendigini habar berdi.

Ýer titremesinde ýogalan ýa-da ýaralanan adamlaryň bolup-bolmandygy barada entek beýanat berilmedi.

Gözleg we halas ediş toparlarynyň sebite gönükdirilendigi mälim edildi.


Etiketkalar: Tähran , ýer titremesi , Eýran

Degişli Habarlar