Trampyň Britaniýa gurajak saparyna garşy protest ýörişi geçirildi

Protest ýörişinde “Tramp ýok bol”, “Faşistler gitsin, bosgunlar gelsin”, “Iýerusalim dünýäniň paýtagtydyr” diýlen şygarlar göterildi

1012235
Trampyň Britaniýa gurajak saparyna garşy protest ýörişi geçirildi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Britaniýa gurajak saparyna garşy paýtagt Londonyň başda durmagynda birnäçe şäherde protest ýörişi geçirildi.

Londonda “Rassisme garşy dur” atly jemgyýetçilik guramasy bilen Britaniýadaky “Söweşi bes ediň hyzmatdaşlygy” tarapyndan  ilkinji protest ýörişi düýn Premýer ministrligiň Londonyň daşyndaky ýörite kabulhanasynyň golaýynda geçirildi.

Adadaky saparynyň ikinji gününde Trampyň Premýer ministr Teresa Meý bilen bu ýerde duşuşjakdygyny öňe süren protestçylar, Premýer ministriň Meýiň Tramp bilen duşuşmazlygy barada çagyryş berdi.

Trampyň Britaniýa gelmegini islemeýän protestçylar, alyp barýan syýasatlary sebäpli tankyt edilýän Trampyň lider bolmandygyny tersine zenana duşman we maşgalalary biri-birinden aýyrýan adamdygyny öňe sürdi.

Günortadan soň paýtagt Londonda başlan  “Rassisme garşy dur”, “Klimat çalşygyna garşy kampaniýa”, Söweşi bes ediň hyzmatdaşlygy” bilen “Ýadro ýaragsyzlanma kampaniýasy” ýaly jemgyýetçilik guramalarynyň goldaw bermeginde geçirlen ýörişe gatnaşanlar iňlis ýaýlym guramasy BBC-niň öňünde jemlenişdi.

 Britaniýadaky “Britaniýa musulman bileleşigi” bilen Palestina goldaw berýän “Al Aksanyň dostlary” atly jemgyýetçilik guramasy hem Juma namazyndan soň BBC-niň öňüne gelip Trampa garşy ýörişe gatnaşdy.

Protest ýörişinde “Tramp ýok bol”, “Faşistler gitsin, bosgunlar gelsin”, “Iýerusalim dünýäniň paýtagtydyr” diýlen şygarlar göterildi.

Ýörişde halkara jemgyýetçiliginiň Trampa basyş etmegi çagyryşy berildi.



Degişli Habarlar