Eýranda suw krizisi 1 adamyň ýogalmagyna sebäp boldy

Suw ýetmezçiligi sebäpli obalylar bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşykda 1 obaly ýogaldy

1011815
Eýranda suw krizisi 1 adamyň ýogalmagyna sebäp boldy

Eýranyň Fars welaýatynyň Kazerun şäheriniň obalarynda suw ýetmezçiligi sebäpli obalylar bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşykda 1 obaly ýogaldy.

Eýranyn resmi IRNA habarlar gullugyna beýanat beren Kazerun şäheriniň İçeri işler müdüri Muhammed İbadinežad şäheriň çetki etraplarynda Şapur derýasyndan göçme nasozlar bilen suw çeken obalylar bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşykda 1 adamyň ýogalandygyny aýtdy.

Howpsyzlyk güýçleriniň bikanun ýagdaýda derýadan suwyň çekilmeginiň öňüni almaga synanşandygy sebäpli obalylaryň howpsyzlyk işgärlerini daşlandygyny aýdan İbadinežad, wakada howpsyzlyk işgälerinden käbiriniň ýaralanandygyny ýatlatdy.


Etiketkalar: #Eýran , #suw , #çaknyşyk

Degişli Habarlar