Eýran elektrik togunyň we suwuň eksportyny dolulygyna bes etdi

Erdakaniýan ýurtda elektrik togy we suw ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykan dartgynlyk barada beýanat berdi

1011886
Eýran elektrik togunyň we suwuň eksportyny dolulygyna bes etdi

Eýranyň Energetika ministriğ Ryza Erdakaniýan elektrik togunyň we suwuň eksportynyň dolulygyna bes edilendigini aýtdy

Eýranly talyplaryň habarlar gullugy “ISNA-nyň” habar bermegine görä Erdakaniýan ýurtda elektrik togy we suw ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykan dartgynlyk barada beýanat berdi.

Erdakaniýan Eýrandaky energetika meselesi sebäpli Pakistan, Owganystan we Yrak ýaly goňşy ýurtlara energiýa eksportyny bes edndiklerini aýtdy.

Eksport bes edilmän halatynda ýurduň içindäki ýetmezçiligiň artjakdygyny beýan eden Erdakaniýan; “Aýdylýanlaryň tersine häzirki wagtda suw we elektrik eksportumyzy doly bes etdik” diýdi.

Ýurtda ýüze çykan suw meselesiniň çylşyrymlaşandygyny beýan eden Erdakaniýan, meseleleriň we kemçilikleriň ortadan aýrylmagy üçin her bir adamyň tagalla etmelidigini aýtdy.

Käbir toparlaryň suw we elektrik meselesinden halka meçew bermek üçin peýdalanýandygyny gürrüň beren ministr Erdakaniýan, halkdan sabyrly bolmagyny isledi.


Etiketkalar: #Eýran , #eksport , #elektrik togy , #suw

Degişli Habarlar