Tunisde terrorçylykly hüjüm guraldy

Tunisiň demirgazygyndaky Jendube welaýatynda guralan terrorçylykly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 9 howpsyzlyk gullukçysy ýogaldy

1008327
Tunisde terrorçylykly hüjüm guraldy

Tunisiň resmi telewideniýesiniň berýän habaryna görä Içeri işler ministrligine degişli Milli goranyş toparynda iş alyp barýan howpsyzlyk güýçleri Jendube welaýatynyň Gar ed-Dima sebitinde nyşana alyndy. 

Howpsyzlyk güýçlerini daşaýan 2 ulaga, Alžir serhediniň golaýyndaky daglyk sebitde ilki bilen bombaly hüjüm guraldy. 

Ondan soň bolsa ýaragly toparyň ulagdaky howpsyzlyk güýçlerine od açandygy habar berildi. 

 


Etiketkalar: #Tunis , #hüjüm

Degişli Habarlar