Sudan ABŞ bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmek isleýär

Sudanyň Prezidenti Ömer Al Beşir ýurdunyň ABŞ bilen edýän gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini aýtdy

1008739
Sudan ABŞ bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmek isleýär

Prezident Beşir ýurdunyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammed Ata Al Mawlany kabul etdi.

Kabul edilşikden soň metbugata beýanat beren Prezident Beşir, Sudanyň ABŞ bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürjekdigini nygtady we iki ýurduň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin döredilen komitetleriň öz işini dowam etdirmelidigini belledi.

Sudanyň Prezidenti taraplaryň arasyndaky gepleşikleriň dowam etjekdigini ýatlatdy.

 


Etiketkalar: #Sudan , #ABŞ , #gatnaşyklar

Degişli Habarlar