Sadr syýasy partiýalardan ABŞ we goňşy ýurtlar bilen geçirýän gepleşiklerini bes etmegini isledi

Yrakda 12-nji maýda geçirlen saýlawyň ýeňijisi Sadr hereketiniň lideri Mukteda As Sadr beýleki syýasy partiýalardan hökümetiň gurulmagy  etabynda ABŞ we goňşy ýurtlar bilen geçirýän gepleşiklerini bes etmegini isledi

1008817
Sadr syýasy partiýalardan  ABŞ we goňşy ýurtlar bilen geçirýän gepleşiklerini bes etmegini isledi

Sadr Twitter arkaly beren beýanatynda “ähli syýasy partiýalaryň şariklik hökümetiniň gurulmagy etabynda we ondan soň ABŞ bilen birlikde goňşy ýurtlar bilen geçirýän gepleşiklerini bes etmeli. Bu mesele yraklylaryň içerki meselesi” diýdi.

Ähli syýasy partiýalaryň messeplere esaslanýan şäriklik hökümetiň gurulmagy baradaky işlerini hem bes etmeklerini islän Sadr “Messepden we kowumdan üstün boljak şäriklik hökümetiň gurulmagyna taýar” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar