Ysraýylly esgerler şu ýyl 25 palestinaly çagany öldürdi

Gabaw astyndaky Günbatar Şeriada we Gazada şu ýylyň başyndan bäri palestinaly 25 çaga ysraýylly esgerler tarapyndan şehit edildi

1004175
Ysraýylly esgerler şu ýyl 25 palestinaly çagany öldürdi

Halkara Palestina Çaga goramak hereketiniň berýän habarnamasyna görä ysraýylly esgerleriň palestinaly çagalary bilkastlaýyn öldürendigi bellendi. 

Habarnamada 21 çaganyň Gazada, 4-siniň bolsa Günbatar Şeriada öldürilendigi mälim edildi. 

Şehit edilen çagalaryň 21-iniň hakyky oklar bilen öldürilendigi, 11-iniň kellesinden ýa-da boýnundan atylandygy habar berildi. 

 



Degişli Habarlar