"Huzistan welaýatynda agyz suwy meselesinde emele gelen dartgynlykdan hökümet jogapkär"

Eýranda Abadan şäheriniň halk deputaty Gulam Ryza Şerefi mesele bilen bagly beýanat berdi

1004508
"Huzistan welaýatynda agyz suwy meselesinde emele gelen dartgynlykdan hökümet jogapkär"

Eýranda Abadan şäheriniň halk deputaty Gulam Ryza Şerefi, Huzistan welaýatynda agyz suwy meselesinde başdan geçirilýän kynçylyklar barada geçen ýyl Milli howpsyzlyk ministrligine hat ýazandygyny emma degişli çäreleriň görülmändigini aýtdy.

Mejlisde halk deputatlaryna ýüzlenip çykyş eden Şerefi, Huzistan welaýatynda agyz suwy meselesinde emele gelen dartgynlykdan Hasan Ruhaniniň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň jogapkärdigini aýtdy.

Şerefi, “Geçen ýyl Eýranyň Milli howpsyzlyk ministrligine ýazan hatymda welaýatdaky sosial kynçylyklaryň howpsyzlyk meselesine öwrülip biljekdigini ýazypdym. Bu barada Prezidente, Wise-prezidente, Bujet geňeşiniň başllygyna, Energetika we Oba hojalyk ministrine hat ýazypdym. Emma ýönekeý bahanalar bilen degişli çäreler görülmedi” diýdi.

Ilaty agyz suwy bilen üpjün etmegine garaşylýan Gadyr taslamasynyň 4 gün soň durmuşa geçiriljekdigini aýdan Şerefi, “30 müň kub meterlik süýji suw Abadan şäheriniň we etraplarynyň halkyny agyz suwy bilen üpjün etmäge ýetmez”diýdi.

 


Etiketkalar: #Eýran , #suw , #mejlis

Degişli Habarlar