Owganystanda kamikaze hüjümi guraldy

Wakada 15 adam ýogaldy

1003854
Owganystanda kamikaze hüjümi guraldy

Owganystanda bomba ýüklenen ulag bilen guralan kamikaze hüjüminde 15 adam ýogaldy.

Nangarhar welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Ataullah Hogýani hüjümçiniň bomba ýüklenen ulagy bilen Jelalabad şäheriniň Muhabarat çatrygynda partladandygyny habar berdi.

Hogýani hüjümde 20 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.

Ýaralanan adamlaryň käbirleriniň ýagdaýynyň agyrydygy, ýogalan adamlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýändigi nygtaldy.

Hüjüm Owganystanyň Prezidenti Eşref Ganiniň şähere guran saparynda guraldy.



Degişli Habarlar