Eýranda hapa suwdan zäherlenen adamlaryň sany günsaýyn artýar

Eýranda suwlaryň hapalygy sebäpli protest ýörüşler geçirilýän ýurdyň Huzistan welaýatynda suwdan zäherlenenleriň sany 350-ä ýetdi

1003998
Eýranda hapa suwdan zäherlenen adamlaryň sany günsaýyn artýar

Ramhürmüz etrabynyň Saglygy goraýyş edarasynyň müdüri Şükrüllah Selmanzade Ramhürmüz we Ebulfars sebitlerinde hapa suw sebäpli zäherlenen adamlaryň sanynyň 350-ä ýetendigini habar berdi.

Selmanzade zäherlenmeleriň sebitde suwlaryň 20 sagatlygyna kesilmegi sebäpli adamlaryň golaýdaky suw çeşmelerinden suw almaklary netijesinde bolandygyny mälim etdi.

Adamlaryň içgeçme we temperaturalarynyň ýokary bolmagy ýaly şikaýatlar bilen golaýdaky hassahanalara ýüz tutandygy nygtaldy.  

Ramhürmüziň prokurory Kasym Nejad düýn şol sebitde zäherlenen adamlaryň sanynyň 230-dygyny beýan edipdi.


Etiketkalar: #Eýran , #zäherlenmek , #suw

Degişli Habarlar