ABŞ Demigazyk Koreýanyň ýadro maksatnamasyny bes etmek isleýär

Jon Boltyn bir ýylyň dowamynda Demirgazyk Koreýanyň ýadro maksatnamasyny bes etmegi meýilleşdirýändiklerini aýtdy

1003840
ABŞ Demigazyk Koreýanyň ýadro maksatnamasyny bes etmek isleýär

Ak Tamyň Milli howpsyzlyk boýunça geňeşçisi Jon Bolton Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglarynyň we ballistiki raketa maskatnamasynyň bir ýylyň dowamynda ortadan aýrylmagy boýunça meýilnamalarnyň bardygyny beýan etdi.

Boltyn “CBS” teleýaýlymynda gatnaşan gepleşiginde resmi Waşingtonyň Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglary we ballistiki raketa maksatnamasynyň bir ýylyň dowamynda bes edilmegi üçin meýilnamanyň bardygyny, sanksiýalaryň gysga möhletde aýrylmagyny, Günorta Koreýa bilen Ýapyniýadan kömekleriň gelmegini isleýän demirgazyk koreýalylarň hyzmatdaşlyk etmegine garaşýandyklaryny nygtady.

Bolton Demirgazyk Koreýanyň hökümeti bilen gepleşikleri alyp barýan toparyň netijeli işleýändigini belläp: “Demirgazyk koreýalylaryň geçmişde nameler edendigini hemmämiz bilýäris” diýdi.



Degişli Habarlar