Pakistanyň Premýer ministri Prezident Erdogany gutlady

Pakistanyň Premýer ministri Nasirul Mülk Prezident Rejep Taýýip Erdogany telefon arkaly jaň edip, 24-nji iýundaky saýlawda gazanan ýeňişi bilen gutlady

1001460
Pakistanyň Premýer ministri Prezident Erdogany gutlady

Pakistanyň Premýer ministrliginden berilen ýazmaça beýanata görä Premýer ministr Mülk 24-nji iýundaky Prezident we Parlament saýlawlaryndaky üstünligi mynasybetli Prezident Erdogany gutlady.

Beýanatda saýlawdaky ýeňişiniň Türkiýäniň ösüşine we özgerişine goşant goşjakdygy nygtaldy.

Türkiýäniň demokratiýasy bilen ençeme ýurda nusga bolandygy aýdylýan beýanatda: “Türk demokratiýasy türk halkynyň bildiren ynamy bilen has hem güýçlendi. Türkler Prezident Erdogana ynanýandyklaryny görkezdi” diýip bellendi.

Beýanatda: “Iki ýurt doganlyk musulman ýurtlar bilen has hem sazlaşykly bolmak babatynda we sebitiň uzak möhletleýin parahatçylyk, howpsyzlyk, durnuklylyk we sosial-ykdysady galkynyşy üçin işleşmek babatynda hyzmatdaşlygyny dowam etdirer” diýildi.



Degişli Habarlar