ABŞ-da 871 tonna çig nebit derýa döküldi

Ýolbaşçylar otlynyň derýanyň aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli daşmagy netijesinden relýesden çykandygyny nygtaýar

998361
ABŞ-da 871 tonna çig nebit derýa döküldi

 

ABŞ-nyň Iowa ştatynda çig nebit daşaýan ýük otlusynyň relýesden çykmagy sebäpli 871 tonna çig nebit derýa döküldi.

BNSF demirýol firmasynyň metbugat geňeşçisi Andy Williams beren beýanatynda Iowa ştatynyň Doon şäherinde çig nebit daşaýan ýük otlusynyň relýesden çykandygyny we wagonlaryň agdarylmagy sebäpli 871 tonnalyk çig nebitiň aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli Little Rock derýasyna dökülendigini aýtdy.

Derýanyň çig nebitden saplanmagy üçin gyssagly işe girişilendigini aýdan Williams, daş-töwerege haýsydyr bir howpuň abanmaýandygyny aýtdy.

Ýolbaşçylar otlynyň derýanyň aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli daşmagy netijesinden relýesden çykandygyny nygtaýar.

 



Degişli Habarlar