Saud Arabystanly zenanlar rolyň başynda

Saud Arabystanly zenanlar roluň başyna geçdi

998375
Saud Arabystanly zenanlar rolyň başynda

 

Saud Arabystanly zenanlar özleriniň ulag sürmekleri  hakyndaky kararyň şu gün giýje girmeginiň yzy ýanyndan roluň başyna geçdi.

Ýurtdaky musulman alymlaryň orta atan käbir dini sebäpleri üçin onlarça ýyldan bäri ulag sürmekleri gadagan edilen zenanlaryň şu günden başlap ulag sürmeklerine rugsat berildi.

Ihbariýýe we Al Arabiýa telewideniýe kanallary kararyň güýje girmegi bilen birlikde ertiriň irki sagatlaryndan başlap ýurtda ilkinji gezek ulaglary bilen ýola çykan zenan sürüjileriň wideo ýazgylaryny ýaýlyma berdi.

Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziziň  2017-nji ýylyň 26-njy sentýabrda kabul eden kararynda zenanlara 24-nji iýundan başlap ulag sürmek hukugynyň beriljekdigi nygtalýar.

Saud Arabystany 2030-njy ýyla çenli zenanlaryň 30 göteriminiň işe ýerleşdirilmegini maksat edinýär.

 



Degişli Habarlar