BMG Siriýanyň Dara şäherindäki çaknyşyklar sebäpli 750 müň adama howp abanmagyna alada bildirdi

Güýçli çaknyşyklar sebäpli asuda ilat agyr günleri başdan geçirýär

997260
BMG Siriýanyň Dara şäherindäki çaknyşyklar sebäpli 750 müň adama howp abanmagyna alada bildirdi

BMG Siriýanyň günortasynda ýerleşýän Dara şäherindäki çaknyşyklar sebäpli 750 müň adama howp abanmagyna alada bildirdi.

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçilerinden Farhan Hag Siriýanyň günortasynda ýerleşýän Dara şäherindäki çaknyşyklar sebäpli 750 müň adama uly howpyň abanmagyna alada bildirýändiklerini aýtdy.

Hag gündelik metbugat ýygnagynda Daranyň gündogarynda we günbatarynda dowam edýän çaknyşyklar we bombaly hüjümler sebäpli 20 adamyň ýogalandygyny we köp sanly adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Daranyň demirgazygyndaky asuda ilatyň bolsa ýerini-ýurduny terk edip Iordan serhedine tarap barýandygyny aýdan Hag, güýçli çaknyşyklar sebäpli asuda ilatyň agyr günleri başdan geçirýändigine ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar