Rus oppozisioner Alekseý Nawalnyý adamlara çagyryş etdi...

Alekseý Nawalnyý özüniň Twitter hasabyndan çagyryş etdi

995178
Rus oppozisioner Alekseý Nawalnyý adamlara çagyryş etdi...

Rus oppozisioner Alekseý Nawalnyý hökümetiň hormatly dynç alyşa (pensiýa) çykmak ýaşynyň ýokarladylmagy bilen baglanşykly kanun taslamasyny protest etmek maksady bilen rus halkyna 1-nji iýulda köçelere çykmak barada çagyryş etdi.

Alekseý Nawalnyý Twitter hasabyndan eden çagyryşynda hormatly dynç alyşa çykmak ýaşynyň erkeklerde 65-e, zenanlarda 63-e çykarylmagynyň jenaýatdygyny öňe sürdi.

Nawalnyý: “Geçirilen ylmy-derňewlere görä Russiýada erkekleriň 40 göterimi, zenanlaryň bolsa 20 göterimi hormatly dynç alyşa çykyp bilmez. Düýn kime ses berenimiz möhüm däl. Indi köçelere çykyň, ýogsam ertirki gün hormatly dynç alyşa çykyp bilmersiňiz” diýip belledi.

Protestleriň Dünýä kubogynyň geçirilýän şäherlerde geçirililmezligi üçin 1,2 million adamyň golunyň ýygnalandygyny aýdan Alekseý Nawalnyý rus halkyny 1-nji iýulda protest geçirmäge çagyrdy.

Russiýanyň hökümeti öňümizdäki ýyldan başlap pensiýa çykmak ýaşyny erkekler üçin 60-dan 65-e, zenanlar üçin bolsa 55-den 63-e ýetirilmegini öz düzüminde jemleýän kanun taslamasyny 14-nji iýunda Dumanyň garamagyna hödürledi.



Degişli Habarlar