Horwatiýanyň suw giňişliginde türk ýük gämisi batýar

Gäminiň 13 adamdan ybarat ekipažynyň 8-i halas edildi

993850
Horwatiýanyň suw giňişliginde türk ýük gämisi batýar

Adriatik deňizinde Horwatiýanyň Džabuka adasynyň golaýynda türk ýük gämisi batmaga başlady. 

Gäminiň 13 adamdan ybarat ekipažynyň 8-i halas edildi. 

85 metr uzynlygyndaky gäminiň ekipažynyň 11-i türklerden, 2-si hindilerden ybarat bolup, şolaryň 8-i Italiýa degişli bir tanker gämisiniň kömegi bilen halas edildi.

Gäminiň kapitanynyň 4 adam bilen bilelikde gämide galjakdygy habar berildi. 

Halas edilen 8 adamyň Split portyna alynyp gidilendigi aýdylýan beýanatda gämide galan 5 adamyň halas edijiler gelýänçä çenli gäminiň batmagynyň öňüni almaga synanyşjakdygy mälim edildi. 

 



Degişli Habarlar